Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Ýawa adasynda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Ýawa adasynda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo ýurduň Ýawa adasynda bolup geçen, adam pidalaryna hem-de köp sanly şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Indoneziýanyň günbatar Ýawa adasynda duşenbe güni 5,6 bala deň bolan ýer titreme hadysasy bolup geçdi. Ýer titremäniň netijesinde ýüze çykan ýer süýşmesı zerarly ençeme obalar ýumruldy.

Indoneziýanyň betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça milli gullugynyň (BNPB) habaryna görä, ýertitremede azyndan 268 adam wepat boldy. Mundan başga-da, 151 adam dereksiz ýitdi we 1000-den gowrak adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Tbiliside Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşýan goşandy bellenildi
Mary welaýatynda 345 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalar
TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI B.NURALY ADYNDAKY ÇAGALAR ÇEPERÇILIK MEKDEBINDE GEÇIRILEN SERGI DABARASY
B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sergi açyldy
Litwa Russiýanyň Baltika sebitinde ýadro ýaragynyň bardygyny habar berdi
Halkara zenanlar güni mynasybetli Mähribanlygyň we gözelligiň baýramy“ atly çagalaryň surat eserleriniň bäsleşigi