Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady

18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sian şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa — Hytaý sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan gürrüňdeşliginde ugurlaryň giň gerimini, şol sanda söwda-ykdysady, nebitgaz, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigi nygtaldy. Ýurdumyzda şu gezekki sapara türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny, şol sanda Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde garalýandygy bellenildi.

Bu saparyň dowamynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Bu gezekki iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy meýilleşdirildi. Nobatdaky ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak baradaky meseleler maslahatlaşyldy
“Hytaý-Merkezi Aziýa” sammitiniň netijeleri
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa iş saparyny tamamlady, arhiýepiskop Feofilakt Türkmenistana geler, Rumyniýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Siandaky Dostluk seýilgähinde nar agajyny ekdi
HytaýMerkezi Aziýa ýurtlary täze ösüş maksatnamalary arkaly hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Türkmen gazyny Hytaýa ibermek boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmek hödürlenildi
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa — Hytaý birinji sammitine gatnaşdy