Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Nýu-Ýorka bardy

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Nýu-Ýorka bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet Baştutanynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň işine, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “С5+1” görnüşdäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ugur ýaly möhüm ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen täze başlangyçlary öňe sürer.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirer.

Şu ýylyň 5-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi açyldy. Mejlisiň çäklerinde 19 26-njy sentýabr aralygynda ýokary derejeli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Sesden tiz uçýan geljegiň uçary döredildi
Wise-premýer R.Meredow türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň belli diplomat zenanlaryna Magtymguly adyndaky halkara baýragy berildi
Dünýä 2025-nji ýyla "Hoş geldiň" diýdi
Bill Geýts çagaka smartfonlar bolan bolsa, milliarder bolup biljekdigine şübhelenýär
CNN: Donald Tramp ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy