Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýekşenbe güni Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan we umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, jemgyýetçilik wekilleri, şeýle hem daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Welosipedli ýörişiň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurduň paýtagtyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedowa ýüzlenip, Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, ekologik abadançylygyny üpjün etmek, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, täze seýilgähleri, seýilbaglary hem-de beýleki ýaşyl zolaklary döretmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasynyň ýanyndan başlanyp, Bitarap Türkmenistan we A.Nyýazow şaýollarynyň kesişýän ýerinde tamamlandy.

Şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýekşenbe güni welosipedli ýörişler Arkadag şäherinde we ýurduň ähli welaýatlarynda hem guraldy.

Mundan başga-da, “Tegelek stol” maslahatlary, duşuşyklar, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreler geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ýapon kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakçy
20-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Günorta Koreýa Türkmenistanda $2,5 milliardlyk dökün zawodlaryny gurar
Serdar Berdimuhamedow arap ýurtlary bilen lukmançylyk, sport, medeni-ynsanperwer, ekologiýa, Russiýanyň sirkleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryndaky çykyşlary 24-nji sentýabra çenli dowam eder we beýleki habarlar
Wise-premýer B.Annamämmedow Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy