Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady topluma gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär.

Onuň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy hakyndaky hasabatlar diňlenildi.Ilki bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijileri hakynda hasabat berdi.

Ministr häzirki döwürde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, sanly ulgama geçmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan elektron resminama dolanyşygy we Elektron salgyt ulgamlary girizildi.

Gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, kärhanalaryň arasyndaky özara hasaplaşyklary düzgünleşdirmek boýunça anyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň Mejlisi bilen bilelikde ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe-ykdysady pudakda düýpli özgertmeleriň geçirilmegine, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de durnukly we deňeçer ösüşine gönükdirilen wezipeleriň gyşarnyksyz we çalt ýerine ýetirilmegi üçin anyk işleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän anyk işler barada hasabat berdi.

Geljek ýylda daşary söwda dolanyşygynyň garaşylýan görkezijileri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, banklaryň öňünde durýan we uly geljegi bolan wezipelere ünsi çekdi.

Uzak aralykdan ýola goýulýan bank hyzmatlarynyň täzeçil görnüşlerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna, karz edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi.Milli Liderimiz öňdebaryjy tejribäni düýpli öwrenmek maksady bilen, abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa wise-premýer G.Müşşikow milli Liderimiziň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer Döwlet býujetiniň meýilleşdirilen görkezijileriniň ugurlary barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa jikme-jik hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, maliýe serişdeleriniň köp bölegi durmuş ulgamynyň, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy we umumy häsiýetdäki döwlet hyzmatlar ugurlaryna gönükdiriler.

Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2021-nji ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak meýilleşdirildi.Wise-premýere milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine we bäsdeşlige ukyplylygynyň berkidilmegine, eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň döredilmegine, döwlet eýeçiligindäki edaralaryň we desgalaryň hususylaşdyrylmagyna hem-de olaryň paýdarlar jemgyýetlerine öwrülmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, milli Liderimiz dünýädäki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşini goldamaga we 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň 6 göterimden gowrak derejede artmagy üçin durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen makroykdysady syýasatyň durmuşa işjeň geçirilmelidigini belledi.

Bazar institutlaryny özgertmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.Hormatly Prezidentimiz içerki islegleri höweslendirmegiň, ilatyň iş bilen üpjünçiligini üpjün etmegiň we halkyň girdejileriniň artmagyny gazanmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belledi.

Täze işe başlaýan telekeçilere maliýe goldawyny bermek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy.Senagat pudagynda bäsdeşlige ukyplylyk babatda syýasaty kämilleşdirmeli, şol sanda milli önümlerimize içerki islegleri höweslendirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurtlara harytlary iberýän kärhanalara ýardam bermek arkaly, olaryň goşmaça maliýe taýdan ösüşini gazanmaly. Şol sanda söwda maliýeleşdirmesiniň häzirki zaman serişdelerini ulanmagyň gerimini giňeltmeli.Daşary ýurtlara haryt iberýän kärhanalaryň daşary-ykdysady işini we olara goldaw bermegi höweslendirmeli.

Bu işleri ýerli önümleri täze eksport bazarlaryna ibermegiň möçberleriniň artdyrylmagyny höweslendirmek arkaly amala aşyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň telekeçilerini döwlet satyn alyş ulgamyna çekmek, telekeçiligi alyp barmak we bäsdeşlik ulgamy üçin döredilýän şertleriň amatlylygyny ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu işleri sebitlerde kiçi senagat zolaklaryny ösdürmegiň we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek üçin sanly ulgama geçirmek, hususy telekeçiligi ösdürmek üçin goşmaça maliýe serişdelerini bölüp bermegiň hasabyna amala aşyrmaly.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmek, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, saglygy goraýşyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň doly ýerine ýetirilmegini möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Iş maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Berdimuhamedow Merkezi bankyň ýolbaşçysyny täzeledi
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Senagat PTB-niň başlygy boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekildi