Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda ýurtda güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, mejlis Hökümet agzalarynyň we Milli Geňeşiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda dowam etdi.
Milli Geňeşiň wekilleri hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan we häzirki wagtda dowam edýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurtda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdiler. Şeýle-de olar Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýakynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça maslahatyň (CICA) VI sammitiniň çözgüdi boýunça, bu maslahaty ösdürmek işinde ajaýyp hyzmatlary we gymmatly goşandy üçin, Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça maslahatyň 30 ýyllygy diýen 1-nji derejeli ýubileý medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Wise-premýer Ş.Abdrahmanow Türkmennebit döwlet konserniniň degişli kärhanasynyň üsti açyk ýer ammarlarynda saklanýan ýangyç mazudynyň hapalanmagynyň, şeýle hem daşky gurşawa zyýan ýetirmeginiň we ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak üçin ýangyç mazudyny polat çeleklerde saklamagyň maksada laýyk boljakdygy barada hem hasabatynda belledi. Şu maksat bilen, dik polat çelekleri satyn almak boýunça halkara bäsleşigiň geçirilendigi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilmegi meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi hakynda hem hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, dabaralaryň çäklerinde Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigiň ikinji we jemleýji tapgyrlary, şeýle-de döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.Döwlet Baştutany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmeklige aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanynyň garamagyna önümçilikde zerur bolan serişdeleri hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça degişli teklipleriň taslamalary, şeýle-de Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň meýdany we ýerleşjek ýerleriniň çäkleri boýunça teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň üstaşyry gatnawlaryň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de çäklerini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.
