Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagatyny ösdürmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagatyny ösdürmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi, onuň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy ugur edinýän bilelikdäki taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem slaýdlar arkaly Balkan welaýatynda ýerleşen Goturdepe we Altyguýy ýataklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumatlary getirdi.

Döwlet konserniniň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde taýýarlanan teklibi hödürledi. Hususan-da, hereket edýän şertnamanyň çäklerinde işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.

Soňra Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, günbatar Türkmenistanyň käbir ýataklarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Işewür Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk tekliplerini hödürledi.

Türkmen Lideri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnamalaryň esasynda “Goturdepe” känindäki guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda işleriň oňyn netijeleriň alynmagyna gönükdirilmelidigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

“Tatneft” Türkmenistanda 300-e golaý guýulary abatlamagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi
"Tatneftiň" ýolbaşçysy Prezidente Türkmenistandaky täze taslamalar barada maglumat berdi
Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly “Tatneft”-iň desgalaryna aýlandy
Goturdepedäki ýataklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak üçin Tatneft bilen goşmaça ylalaşyk baglaşyldy
Tatneft bilen Goturdepe ýatagy babatda Goşmaça ylalaşygy baglaşmak meýilleşdirilýär