Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň iň ýokary döwlet baýragy “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Daražali Dustlik”) ordeni bilen sylaglanyldy. Sylag dabarasy duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu çözgüdiň Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren hyzmatlaryna özbek halkynyň ýürekden bildiren hormatynyň we ykrar etmesiniň beýanydygyny belledi.

— Siz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri kakaňyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýoluny mynasyp dowam edýärsiňiz, diýip Mirziýoýew aýtdy.

Özbegistanyň Prezidentiniň aýratyn nygtamagyna görä, Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen-özbek gatnaşyklary, hususan-da söwda-ykdysady ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Şu ugurda gazanylan üstünlikleriň hatarynda “ŞawatDaşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň işe girizilmegi hem-de energetika, ulag we logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi görkezmek bolar.

Türkmenasynyň Prezidenti sylag üçin Özbegistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ýurtlaryň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem 2025-nji ýylyň aprel aýynda degişli ýokary derejeli döwlet sylagy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem sylaglananlygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýokary derejeli dostluk ordeni bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Milli Liderimiz Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna sadaka berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watana gulluk etmek kakam üçin iň beýik mertebedi
Lebapda polisiýa bile oturan erkekleri gomoseksuallykda aýyplap, soraga çekýär
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi atly sergi geçirildi