Türkmenistanyň Prezidenti Ýokary derejeli dostluk ordeni bilen sylaglandy

Daşkentde ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — Ýokary derejeli dostluk (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylagy gowşuryp, däp bolan türkmen-özbek dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy goşandyny belledi. Özbek Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply, uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin bu abraýly sylaga mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz bu belent sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Ýeri gelende, şu ýylyň aprelinde Özbegistana amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem Ýokary derejeli dostluk ordeni bilen sylaglanandygyny nygtamak gerek.

Çeşme Türkmenistan gazeti

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy
Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
Türkmen-özbek gatnaşyklary gün tertibinde: Türkmenistanda özbek maýasy bilen açylan näçe kärhana bar
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Teatr bolçulygyndaky gowy oýun, kino we tomaşaçy gytçylygy
Beýik ýeňşiň 78 ýyllygyna bagyşlanyp film surata düşürildi