Türkmenistanyň Prezidenti Rahat gämisinde gezelenç etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Rahat gämisinde gezelenç etdi

Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde düýn 7-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň ygtyýaryna gelip gowşan Rahat atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata bermek çäresine gatnaşdy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan bu ýokary tizlikli ýolagçy gämisi deňizde gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar we jahankeşdeler üçin niýetlenendir. Gäminiň umumy uzynlygy 33 metrden gowrakdyr.

Döwrebap bezegi, kenardan 100 mile çenli uzaklykda ýüzüşi amala aşyrmaga mümkinçiligi bolan bu gäminiň tehniki görkezijileri we enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman ýolagçy gämilerine bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär.

Bu gäminiň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklaryň esasynda ýurdumyz üçin gurlandygyny bellemeli. Munuň özi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň aýry-aýry sebitleriniň, hususan-da, Tatarystanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.

Ýolagçy gämilerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we yzygiderli üstüni ýetirmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. “Rahat” atly täze gäminiň portumyza gelmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gojaman Hazaryň tolkunlarynyň arasyndan ýol külterleýän gämi kenardan daşlaşdy. Gözýetimde asman bilen birleşýän ajaýyp deňiz giňişligi haýran galdyrýar. Bu ýerden kenarda ýaýylyp gidýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň keşbi has-da gözel görünýär.

Milli Lideriň ak patasy bilen badalga berlen “Rahat” atly gämi ilkinji ýüzüşini tamamlap, deňziň kenarynda saklandy.

Ýene degişli makalalar

DÖWREBAP ESERLERIŇ SAZLAŞYGY
Gandaş uniform: ýörite lybaslara täzeçe garaýyş
Teýmur Çaryýewiň Abdyş-Atasy Gyrgyzystanyň kubogynyň finalynda çykyş eder
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Jidda şäherine geldi, Aşgabatda dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýär, Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi we beýleki habarlar
Rahat Japarow bilen bile ýedi futbolçy Ahalyň türgenleşiklerine goşuldy
Gyrgyzystanyň çempionatynyň 2022-nji ýyldaky iň gowy derwezeçisi Ahalyň düzümine goşuldy
Türkmenistanda Pemberton usuly arkaly ilkinji hirurgiki operasiýa geçirildi, Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler, Türkmen milli dünýä dilleri instituty Magtymguly dünýäsi atly ykjam programmany işe girizdi we beýleki habarlar