Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Jidda şäherine geldi, Aşgabatda dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýär, Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Jidda şäherine geldi, Aşgabatda dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görülýär, Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün Jidda şäherinde geçiriljek Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşar. Duşuşygyň gün tertibine döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi.

2. 2023-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda belleniljek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri meýilnama esasynda alnyp barylýar. Bu barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

3. Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň binýadynda Ýaşulular geňeşi döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde degişli Karar kabul edildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasy hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

4.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň dört ugry: syýasy ylymlar we sebiti öwreniş, hukuk işi, ykdysadyýet we dolandyryş, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi ugurlary esasynda bilim almak isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmäge girişdi.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 8-9-y günlerinde geçiriler.

Okuwlar tölegli esasda türkmen dilinde alnyp barlar.

5. Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Aşgabat şäherinde jemi 707 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý düzümine degişli 90 sany desga, şol sanda iki, dört we dokuz gatly ýaşaýyş jaýlary şäheriň dürli etraplarynda açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan paýtagty abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga büremek, arassaçylyk tertip-düzgünini saklamak, şäheriň ähli durmuş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy.

6.Resmi Kepil hususy ätiýaçlandyryş kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryna dürli görnüşli ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hödürleýär.Kompaniýa öz iş ugruny emläk we şahsy bähbitleri ätiýaçlandyrmak, jogapkärçilik, şeýle hem gaýtadan ätiýaçlandyryş işleri boýunça alyp barýar.

Gymmat bahaly smartfonyň ekranynyň döwülmegi, daşary ýurtdan iberilen ýollanma ýolda zeper ýetmegi, ofisiň ýa-da hojalyk emläginiň ýanmagy ýa-da suw basmagy, daşary ýurda ýa-da ýurduň içinde syýahat edilende tötänleýin ýaralanmak, awtoulagyň duýdansyzlykda heläkçilige uçramagy ýaly garaşylmadyk ýagdaýlaryň ählisini Resmi Kepil kompaniýasynda ätiýaçlandyrmak mümkindir.

Dünýäde

7. 19-njy iýulda dünýä belli şahyr we dramaturg Wladimir Maýakowskiniň doglan gününiň 130 ýyllygy bellenilýär. Bu möhüm senä bagyşlanyp 15 23-nji iýul aralygynda Moskwada dürli çäreler geçirilýär. Jemi 50-den gowrak çäre meýilleşdirilýär, olara Moskwanyň teatrlarynyň aktýorlary, muzeý işgärleri we şahyrlar işjeň gatnaşýarlar.

8.Domodedowo howa menzilindäki T2 terminaly ähli halkara uçuşlary kabul edip başlady.Daşary ýurda uçýan ýolagçylar nolunjy girelge toparyna we A5-A7, B5-B7 belgilerine barmalydyrlar.Awtoulag bilen garşy alýanlar üçin estakadanyň aşaky gaty: F1-F4, G1-G4 we H1-H4 belgileri niýetlenendir.

T2 terminalynyň täze bölümi 11-nji iýulda açyldy we howa menziliniň meýdanyny 500 müň inedördül metre çenli artdyrdy.Täze terminaldaky ilkinji gatnawlar şol gün kabul edildi.

Sport habarlary

9.Futbol boýunça Türkmenistan kubogynyň ýarym final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 28-nji sentýabrda geçiriler. Şol gün Merw Ahaly kabul eder, Altyn asyr bolsa Arkadag bilen duşuşar.Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň kubogynyň ýarym final tapgyrynyň jogap duşuşyklary 2023-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiriler.

Final duşuşygynyň ýeri we senesi soň yglan ediler TFF-niň metbugat gullugy habar berýär.

10. Aşgabadyň Köpetdag we Altyn asyr toparlaryndaky çykyşlary bilen türkmen futbol janköýerleriniň arasynda meşhurlyk gazanan goragçy Bagtyýar Gürgenow Özbegistanyň Superligasynda çykyş edýän Nawoýy şäheriniň Kyzylkum toparynyň düzümine goşuldy. championat.asia saýtynyň habar bermegine görä, möwsümleriň aralygynda Kyzylkum birnäçe täze futbolçyny toparynyň düzümine goşdy, şolaryň biri hem 25 ýaşly goragçy Bagtyýar Gürgenowdyr.

11. Ahal gysga wagtlyk arakesmeden türgenleşiklere başlady. Toparyň düzümine goşulan futbolçylaryň hatarynda Gyrgyzystan-2022-niň çempiony we Täjigistan-2021-iň bürünç medalynyň eýesi derwezeban Rahat Japarow hem bar. Japarowdan başga-da, ýene ýedi sany täze oýunçy Ahalyň düzümine goşuldy olar çempionlyk ugrunda we AFK Çempionlar ligasynyň 2023/2024 möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmekde topara kömek ederler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkende iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Merkezi Aziýa we AHG-niň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi
Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürüldi