“Türkmenistanyň prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny“ durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň prezidenti karara gol çekdi:
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Taganowiç Atdaýew Ahal welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Baýram Gurbandurdyýewiç Annameredow Balkan welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow Lebap welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bäşimmyrat Hojamämmedow Mary welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Dädebaý Saparowiç Amangeldiýew Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildiler.
