18-nji oktýabrda Türkmenistana RF-nyň döwlet sekretary daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin gelip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we daşary işler ministri Reşit Meredow bilen duşuşdy.
Taraplar söhbetdeşlik wagtynda rus-türkmen gatnaşyklary we ozal gazanylan ylalaşyklar barada maslahat etdiler.
Ýatlaadýarys, 2-nji oktýabrda RF-nyň prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana resmi sapar etdi.
Soňra, 11-nji oktýabrda döwlet baştutanlary gaýtadan, Soçide duşuşdylar we Berdimuhamedow Putine türkmen alabaýynyň güjügini sowgat berdi.
Şeýle-de 18-nji oktýabrda Aşgabatda “Parahatçylyk, durnuklylyk we Kaspi sebitinde halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara konferensiýa geçirilip, oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşandygyny bellemek gerek.
