Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Aşgabada gelen Rossiýskiýe železnyýe dorogi açyk paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň barşynda netijeli gepleşikleri geçirmek, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň dörediljekdigine, duşuşyklaryň jemleriniň bolsa demir ýol ulagy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda demir ýollary hem-de ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek, önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça taslamalara gatnaşmagynyň geljeginiň uludygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda bar bolan gyzyklanmalary hem-de bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini hasaba almak bilen guralýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan we RF öz aralarynda demirýol edaralarynyň wekilhanalaryny açar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ROSSIÝSKIÝE ŽELEZNYÝE DOROGI” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistan bilen Russiýa ikitaraplaýyn demir ýol wekilhanalaryny açmagy meýilleşdirýär