Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň wise-premýeri A.Owerçugy kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň wise-premýeri A.Owerçugy kabul etdi

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, himiýa, gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk we birnäçe beýleki ileri tutulýan möhüm ugurlarda gatnaşyklary has-da depginli ösdürmek üçin uly kuwwatyň hem-de mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim, sport ýaly ugurlarda, pandemiýa garşy göreşde bilelikde hereket etmek babatda döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi. Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Gazak resmisiniň wiza meselesi boýunça türkmen tarapynyň jogabyna garaşmagy synçylary 'geň galdyrdy'
Puşkin adyndaky Rus-Türkmen mekdebiniň ýolbaşçysy aradan çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi