Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başlanan täze, 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi.Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, bilim ministri we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmak boýunça meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, güýzlük ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, wise-premýer Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy çagyrdy.Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ak mermerli Aşgabatda ýerine ýetirilýän arassaçylyk we abadançylyk hem-de şäheriň yşyklandyryş ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Soňra wise-premýer Ç.Purçekow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, şäherde elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň, agyz suwunyň bökdençsiz üpjünçiligini ýola goýmak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň guralyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başy başlanan 2022-nji ýylda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine girişmek boýunça görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Olaryň hatarynda paýtagtymyzda gurulmagy göz öňünde tutulýan durmuş ulgamyna degişli desgalar we edara ediş binalary bar.Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hem-de bilim ministri G.Ataýewa çagyryldy.

Bilim ministri häzirki döwürde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň tamamlanmagy bilen mekdepleriň taýýarlyk derejesi, şeýle hem bilim edaralarynyň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer S.Toýlyýew häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2021-2022-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda okuw mekdepleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de ministre ýüzlenip, häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilimiň derejesiniň we hiliniň talabalaýyk bolmalydygyny, bilim edaralarynyň okuw maksatnamalaryna paýhasly pederlerimiziň döreden asylly ýörelgeleriniň, dünýä nusgalyk däp-dessurlarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy S.Toýlyýew ýurdumyzda pandemiýa garşy göreş çäreleriniň hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylmagy we bu çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Wise-premýer Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýän maglumatlara görä, bütin dünýä howp salýan koronawirusyň “omikron” görnüşiniň ýüze çykarylandygyny we onuň ýurdumyz bilen serhetleşýän goňşy döwletlerde epidemiologik ýagdaýy döredýändigini belläp, häzirki döwürde durnukly epidemiologik-saglyk abadançylygyny mundan beýläk-de gorap saklamak, ýurdumyzyň çägine ýiti ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, ulgamlaýyn görnüşde degişli çäreleriň yzygiderli we güýçli depginde dowam etdirilýändigini hem-de möhüm çözgütleriň kabul edilýändigini habar berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, şeýle hem gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, maldarçylygy toplumlaýyn esasda ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk gelmegini üpjün etmek, ýaz-meýdan işlerine ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, gowaçadan boşan ýerleri ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler, şeýle hem sebitiň maldarçylyk toplumyny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Azyk bolçulygyny ýola goýmak, halkymyzy özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär.Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty diňlenildi.

Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg etmek işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ýerine ýetirmek, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, welaýatda maldarçylygy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg edilişi, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, sebitde maldarçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we halkymyzy özümizde öndürilýän gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaçadan boşan ýerleri ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekişine taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi hem-de häkime anyk görkezmeleri berdi.Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlara ideg edilişi, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleri bilen bir hatarda, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök we bakja ekinlerini, ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda maldarçylygy ösdürmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda we Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.Wise-premýer ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek we dürli görnüşli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek barada döwlet tarapyndan netijeli goldaw berilýändigini nygtap, häzirki döwürde bugdaý ekilen meýdanlarda howa şertlerine laýyklykda, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýerine ýetirilýändigini belledi.

Ak ekinlere ideg etmekde ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli ulanylýar.Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleri we Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen bir hatarda, ilatyň durmuş üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, durmuş düzümine degişli desgalaryň ýyladyş ulgamynyň kadaly işi, elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Döwletimizde alnyp barylýan ähli işler hemişe berk gözegçilikde saklanmalydyr.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Häkimler iş maslahatyna ekin, gurluşyk meýdanlaryndan we maldarçylyk toplumlaryndan baglandylar
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi