Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi

Jidda şäherine iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini nygtadylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda sammite gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aýlagyň hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň binýadyny goýan şu gezekki sammitiň ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň şu gün öňe süren hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan makullamak bilen kabul edilen anyk teklipleri bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy
Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürüldi
Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna gutlag hatyny iberdi