Türkmenistanyň Prezidenti sebitde ekologiýa başlangyçlaryny tapgyrlaýyn ilerletmegiň guralyny teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti sebitde ekologiýa başlangyçlaryny tapgyrlaýyn ilerletmegiň guralyny teklip etdi

Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýaşyl ösüş ýörelgelerini we döwrebap ekologik standartlaryny ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin sebit gepleşikleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmegiň takyk guralyny döretmegi teklip etdi.Teklip edilýän çemeleşmä görä, ähli başlangyçlar bilermenleriň duşuşyklary we maslahatlary derejesinde deslapky ara alyp maslahatlaşmalardan hem-de kämilleşdiriş tapgyrlaryndan geçmelidir.

Ministrler derejesindäki duşuşyklary çagyrmak we meseleleri Sammitleriň gün tertibine girizmek diňe resminamalar boýunça ýokary derejeli ylalaşyklylyk gazanylandan hem-de anyk taslamalar boýunça umumy garaýyşlar işlenip düzülenden soň amala aşyrylmalydyr.

Ýene degişli makalalar

Türk dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça ylalaşyk gazanyldy
Türk dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça ylalaşyk gazanyldy
Müsür Gaza Sektorynda Hüjümleriň 2 Gün Möhlet Bilen Bes Edilmegini Teklip Etdi
Beýik Ýüpek Ýoly Toyota awtoulaglarynyň eýeleri üçin giň gerimli aksiýa hödürleýär
Ýaponiýada Honda we Nissan birleşmek üçin gepleşiklere başlandyklaryny beýan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi