Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Merkezi Aziýa — Hytaý sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji maýda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Şansi myhmanhanasyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hili we möçberi görnetin artdyrylyp, hakyky şertlere, bar bolan mümkinçiliklere laýyk bolmalydyr. Şunda anyk taslamalara çykyp, iki ýurduň geografik hem-de üpjünçilik ulgamyndaky artykmaçlygyny peýdalanmagyň, täze ugurlary, şol sanda çig mala bagly bolmadyk we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda we beýlekilerde täze ugurlary gözlemegiň zerurdygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetine aýratyn üns berildi.Häzirki wagtda medeniýet, bilim, ylym, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.Gepleşikleriň dowamynda taraplar şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň HHR-e döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Hytaýdaky Medeniýet ýylyny geçirmek barada pikir alyşdylar. Şol ýyl türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy hem toýlanar.

Bellenilişi ýaly, saglygy goraýyşda, şol sanda lukmançylyga keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň täze usullaryny we däp bolan lukmançylygyň tejribesini, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda täze bilimleri özleşdirmek ulgamynda gatnaşyklar işjeňleşdirilýär hem-de giňeldilýär. Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Biziň ýurtlarymyz bu ulgamy ösdürmäge uly üns berýärler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary taraplaryň iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy
Türkmen habarçylary Hytaýda oba ýerleriniň gülläp-ösüşi bilen tanyşdylar
12.06.2019 | Innowasion tehnologiýalar — halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň üns merkezinde
26.05.2017 | Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan şäherinde “Türkmenistan” Merkezi açyldy