Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy, diýip TDH habar berýär.Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa söz berdi.

Ministr Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Milli Liderimiz paýdarlar jemgyýetlerini döretmegi, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy ministre tabşyrdy.

Munuň özi hususy ulgamyň maýalaryny milli ykdysadyýete çekmäge, bäsdeşlige ukyply bazary kemala getirmek üçin şertleri döretmäge, import önümleriniň ýerini tutýan we eksport harytlarynyň önümçiligini artdyrmaga ýardam eder.Soňra dokma senagaty ministri R.Rejebow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz önümleriň hilini ýokarlandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, hyzmatlar we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, ministre anyk tabşyryklary berdi.Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew daşary ykdysady gatnaşyklary berkitmek hem-de ýurdumyzyň içerki lomaý bazaryny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz biržanyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň görkezijisi, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegi aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly çeşmesi bolup hyzmat edýändigini aýdyp, birža söwdalaryny has-da ösdürmek hem-de olaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewanyň hasabatynda halylaryň gadymy nusgalarynyň aýawly saklanylmagy hem-de dünýäde wagyz edilmegi ugrunda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow gazanylan ägirt uly durmuş-ykdysady üstünlikleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde hem-de işewür maslahatlarda giňden beýan etmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, işewürligi giňeltmek we Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň önümleriniň eksportunyň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek “EKSPO” Bütindünýä sergisine düýpli taýýarlyk görmegi hem-de mynasyp wekilçilik etmegi tabşyrdy.Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyza guramanyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy pudagyň ornuny giňeltmegiň döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimize dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary we üzümi ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny, ýyladyşhanalary, maldarçylyk we guşçylyk toplumlaryny gurmak hem-de beýleki önümçilik işlerini alyp barmak maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň yzygiderli bölünip berilýändigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşlerini döretmegiň, bu işlerde ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri taýýarlamagyň möhümdigi barada wise-premýere görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de şu ýyl geçiriljek işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem wise-premýer G.Müşşikowa söwda toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna tabşyryklary berdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi