Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

1-nji noýabrda gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Emomali Rahmonyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, doganlyk ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyny ak mermerli Aşgabatda görmäge şatdygyny aýtdy hem-de Täjigistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynyň möhüm ähmiýetini belledi.Onuň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Şol bir wagtda, Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň möhümdigine üns çekildi.

Onuň dowamynda dürli ugurlarda, şol sanda energetika, sanly tehnologiýalar, ykdysady howpsuzlyk, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz we Täjigistanyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, döwletara dialog türkmen we täjik halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýeti kanagatlanma bilen nygtaldy. Hususan-da, iri halkara guramalaryň, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana bolan iş saparynyň jemleriniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Bu möhüm çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar sebitde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna hem-de bilelikdäki tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Ýokary depginde ösdürilýän söwda-ykdysady, medeni we ylym-bilim gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde-de iki doganlyk halkyň bähbidine Täjigistan Respublikasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň daşary işler ministri duşuşygyň ahyrynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa + Italiýa mejlisine gatnaşar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Duşanbede Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň meýilnamasy maslahatlaşylýar
Kim bitarap, kim Russiýanyň tarapynda? Ýyl dowamynda Ukrainadaky uruş barada, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň pozisiýasy nähili üýtgedi?
Gyrgyzystanyň Prezidenti Orta Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri bilen duşuşdy