Türkmenistanyň Prezidenti täze harby desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti täze harby desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu ýerde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew Hojalyk müdirliginiň birinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň taslamalary barada hasabat berdi. Milli Liderimiz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ýazgeldi Nuryýew hem öz gezeginde bu ýerde serhetçiler üçin niýetlenen 150 orunlyk naharhananyň we beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde awtoduralgany, ammarlary, şeýle hem iki gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsini gurmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem, Döwlet Baştutanymyz bu ýerde saklanýan gulluk itleri we olar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Içeri işler ministri Öwezdurdy Hojanyýazow Hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze guruljak desgalar toplumynyň taslamalaryny hödürledi. Bu ýerde ahalteke bedewlerini saklamaga, idetmäge, seýislemäge niýetlenen desgalar bilen bir hatarda, atşynaslar we serkerdeler üçin binalar gurlar.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdirligini döretmek meselelerine 3-nji noýabrda ýurduň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde garaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň içeri işler ministriniň täze orunbasary wezipä bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna we Içeri işler ministrine berk käýinç yglan edildi
Berdimuhamedow IIM-e ahyrky duýduryş bilen berk käýinç yglan etdi