Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

8-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyndaky işleriň ýagdaýyna bagyşlanan meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.Wise-premýer G.Müşşikow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýy hem-de pudaklaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. “Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenawtoulaglary” agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly amala aşyrylýan işleriň ýagdaýyny degişli derejede saklamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi we degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bu toplumyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ugurdaş kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebaplaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtap, anyk tabşyryklary berdi.

Raýat awiasiýasy barada aýdylanda bolsa, ýük howa gämilerini satyn almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, üstaşyr mümkinçiliklerden has doly peýdalanmak, goşmaça hyzmatlary amala aşyrmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Balkanabat howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, döwrüň talabyna laýyklykda hem-de pudaklaýyn maksatnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen baglylykda, maliýe-ykdysady ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Berdimuhamedow Merkezi bankyň ýolbaşçysyny täzeledi
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Senagat PTB-niň başlygy boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekildi