Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Bahreýniň Patyşasyny gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Bahreýniň Patyşasyny gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ähli asylly başlangyçlarynda Gudraty Güýçli Allatagalanyň oňa medet bermegini, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny Milli güni mynasybetli gutlady
Malaýziýanyň täze Hökümdary
Serdar Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Katarda birnäçe duşuşyklary geçirdi