Türkmenistanyň Prezidenti ýapon Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy

Merkezi Aziýa — Ýaponiýa dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga we Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşyklary geçirdi.

Olarda däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Ýurtlarymyz halkara giňişlikde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýarlar. Iki döwletiň Merkezi Aziýa Ýaponiýa dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ösüş häsiýetine eýedir.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini toplandyklaryny bellemek gerek. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Duşuşyklarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Merkezi Aziýa Ýaponiýa formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek başlangyjynyň ähmiýeti nygtalyp, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, iki ýurduň zenan ýolbaşçylarynyň özara hereketleriniň mehanizmini ýola goýmak bilen bagly teklipler beýan edildi.

Türkmenistan

Tokio ş.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti ýapon parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistana geler
15-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary