Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany hem-de ýaponiýaly diplomat döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow we ýaponiýaly diplomat özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Dürli derejelerde yzygiderli duşuşyklar we wekiliýetleriň alşylmagy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň mejlisleri, bilelikdäki işewürler maslahatlary hem-de Merkezi Aziýa + Ýaponiýa gatnaşyklarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk muňa gönüden-göni ýardam edýär.

Dünýäde meşhur ýapon kompaniýalarynyň Diýarymyzda netijeli işlemegi, möhüm ähmiýetli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy uzak möhletleýin esasda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.Häzir ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze, döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, energetika, nebit hem-de gazhimiýa, ulag we logistik ulgamlary, şeýle-de beýleki geljegi uly pudaklar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi
Türkmen-ýapon gatnaşyklary ösdürilýär
Türkmen-ýapon komitetleriniň nobatdaky 14-nji mejlisi geçirildi
Türkmen-ýapon parlamentara gepleşikleri geçirildi
Ýaponiýa Türkmenistan bilen ýokary derejeli duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi