Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhita, Premýer-ministri Fumio Kisida we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen döwürde birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dostluga esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde uly sepgitlere ýetilendigini kanagatlanma bilen nygtady. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda açyk syýasy dialog we netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýuldy, şeýle-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk pugtalandyryldy. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara hereketlerini üstünlikli utgaşdyrýarlar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni hatyralap gurbanlyk sadakasyny berdi
Türkmenistan Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly Ýaponiýa gynanç bildirýär
Prezident Baýdeniň Koreýa we Ýaponiýa sapary
Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammiti geçirildi