Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary tamamlandy

19-njy dekabrda Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykdan we “PETRONAS” binasy bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýurda iki günlük resmi saparyny tamamlap, Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menziline bardy.

Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy.Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.Wekil pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň ýokary derejedäki özara saparlaryna bagyşlanan ýörite neşiri sowgat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler hem-de sowgat üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerden Aşgabada ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Olar hormatly Prezidenti Malaýziýa resmi saparynyň we onuň çäklerinde guralan ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi