Türkmenistanyň Prezidentiniň Nýu-Ýorka iş sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Nýu-Ýorka iş sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda saparda bolmagynyň çäginde “Metropoliten” sungat muzeýinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy mynasybetli ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan guralan resmi kabul edişlige gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Resmi kabul edişlik hem-de Nýu-Ýorka iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Türkmenistana ugrady.

Aşgabada çenli köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, hormatly Prezidentiň uçary paýtagtyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowy ýurduň resmi adamlary gül desseleri bilen mähirli garşyladylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidenti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden taryhy çykyşynyň giň goldawa eýe bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorka iş saparyny tamamlap, Türkmenistanly žurnalistler Serhetsiz Hazar bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp boldular, Altyn Asyr we Merw AFK kubogynda çykyşlaryna başlaýarlar we beýleki habarlar
14-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Sesden tiz uçýan geljegiň uçary döredildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Wise-premýer R.Meredow türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi
Pikasso bagyşlanan sergiler geçiriler