Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň birinji güni tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň birinji güni tamamlandy

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.

resmi özbek internet neşirlerinde habar berlişi ýaly, 15-nji sentýabrda günüň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar seýilgähinde nahal oturtdy hem-de Baky şäher medeni-etnografik toplumyna baryp gördi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Baky şäher medeni-etnografik toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde Gündogar ýurtlaryna mahsus bazara baryp görüp, özbek milli tamdyr somsasynyň taýýarlanylyşyna syn etdi.

Türkmen Lideri Özbegistana iş saparynyň birinji gününi Samarkandyň ýyldyzlary restoranynda belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna guralan resmi däl agşamlyk naharyna gatnaşmak bilen tamamlady.

Ýeri gelende bellesek, agzalan çärelere Türkmenistanyň Prezidentinden başga-da, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýranyň Prezidenti Ybrahym Raisi, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew dagy gatnaşdylar.

Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň çäklerinde şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, ŞHG-nyň Baş sekretary Çžan Min, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyklary geçirendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumyna gatnaşýan ýokary derejeli wekiller bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy — XXI asyrda parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady
Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
Ak tamda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar