Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

11-nji maýda ir bilen Hökümet kabulhanasynyň Mejlisler zalynda döwlet Baştutanymyzyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygy boldy.

Hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň Premýer-ministri Täjigistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degip geçmek bilen, aýratyn-da, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ähmiýet berdiler.

Ýurdumyzyň bu ugurda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki döwletiň çäginden geçýän hem-de Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerini baglanyşdyrýan täze üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugurlary boýunça ulag gatnawlaryny döretmegiň geljekki ugurlary, Hytaýyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda Pars aýlagynyň we Hazar deňziniň portlaryna çykalgasy bolan multimodal ýük daşamalaryny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlaryny guramagyň möhümdigi bellenildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Duşenbe şäheriniň etegindäki dag içinde ýerleşýän Takob kabulhanasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Emomali Rahmon mähirli garşylady.

Prezident Emomali Rahmon belent mertebeli myhmany Takob jülgesiniň gözel ýerlerini synlamaga çagyrdy.Ajaýyp künjek boýunça guralan gezelenç mähirli we dostlukly ýagdaýda geçdi.Iki döwlet Baştutanlarynyň arasynda bolan söhbetdeşlikde milli mirasy gorap saklamagyň, ýurtlaryň taryhy we medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmegiň hem-de goramagyň zerurdygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa täsin syýahatçylyk ugurlaryna eýe bolmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly desgalaryny özünde jemleýär hem-de bu pudagy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

...Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Döwlet Baştutanymyzyň uçary bu ýerden Watanymyza tarap ugur aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Täjigistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklary
Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi sapar bilen bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanda Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary tamamlandy