TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýän köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýar. Şeýle hem iki döwletiň halkara giňişlikde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi, ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy, birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary nygtaldy.

Türkmenistan gazeti

Ýene degişli makalalar

Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
Liderler Prezident Erdogany Doglan Güni Bilen Gutalaýar
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
Türkmenistanyň Prezidenti gazagystanlylary ýurduň Respublika güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag iberdi
25-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti