Тürkmenistanyň raýatlarynyň wizasyz syýahat edip biljek ýurtlarynyň sanawyna Oman döwleti girdi.

Тürkmenistanyň raýatlarynyň wizasyz syýahat edip biljek ýurtlarynyň sanawyna Oman döwleti girdi.

"Times of Oman" habar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň raýatlary indi Oman döwletine wizasyz baryp bilerler.

Dogry, bu mümkinçilik diňe ABŞ, Kanada, Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Şengen ýurtlary ýa-da Ýaponiýa döwletlerinde ýaşaýan ýa-da giriş üçin wizalary bolan ýagdaýynda elýeterlidir.

25 ýurduň ýaşaýjylary Omana wizasyz girip bilerler, ýagny: Azerbaýjan, Hindistan, Özbegistan, Belarussiýa, Täjigistan, Gyrgyzystan, Kosta Rika, Nikaragua, Marokko, Ermenistan, Panama, Bosniýa we Gersegowina, Türkmenistan, Gonduras, Gwatemala, Gazos, Albaniýa , Butan, Peru, Maldiwler, El Salwador, Wýetnam, Kuba we Meksika.

Gadymy we taryha baý medeniýeti bilen tanalýan Günbatar Aziýada ýerleşýän Oman döwleti Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Ýemen ýaly döwletler bilen serhetleşip, Arap deňziniň we Oman aýlagynyň suwlary bilen ýuwulýar.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Gondurasda geçirilen Prezident saýlawlarynda Nasri Asfura ýeňiş gaznady
Trampyň goldaýan dalaşgäri ýeňiş gazandy
Syýahatçylyk öňki derejesine gaýdyp geldi
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Belgrada Bardy