Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Ploýeştiniň Nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Ploýeştiniň Nebit we gaz uniwersitetine baryp gördi

5-nji martda Ploýeştiniň Nebit we gaz uniwersitetininiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew bu ýokary okuw mekdebiň rekroty Alin Dinisa bilen duşuşdy.

Ilçi duşuşyk üçin aýratyn minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda ähli ugurlar boýunça ýokary derejeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi.Rektor Alin Dinisa hem öz gezeginde türkmen tarapy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny nygtady. Şeýle hem ol, 2017-nji ýyldan bäri türkmen we rumyn nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygyny, rumyn ýokary okuw mekdebiniň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny uly kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Ploýeştiniň Nebit we gaz uniwersitetininiň mugallymlarydyr talyplaryny üstümizdäki 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara ylmy maslahatlara we olimpiadalara gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem 2024-nji ýylda ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin Türkmenistanyň ulag we energiýa diplomatiýasy boýunça umumy sapaklary geçirmek teklip edildi.

Mundan başga-da, taraplar şu ýylyň dowamynda Ploýeştiniň Nebit we gaz uniwersiteti bilen ilçihananyň bilelikde guramagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäreleri geçirmäge, ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da güýçlendirmäge aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew Ploýeştiniň Nebit we gaz uniwersitetinine eden saparynyň dowamynda bu ýerde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyp, olaryň gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyş boldy.

Ýene degişli makalalar

Ruminiýada Magtymguly Pyragynyň heýkeli gurlar
Milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
EKSKLÝUZIW: Azatlyk Radiosyna "Gülençidigi" öýdülip tussag edilenleriň Hökümi gowuşdy
Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünlikleri