Türkmenistanyň şäherara ýollarynda işleýän hususy taksiçileri tutmaga başladylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow apreliň başynda tankydy bellik edeninden soň, Aşgabadyň polisiýasy ygtyýarnamasy bolmazdan adam gatnatmak bilen meşgullanýan hususy taksiçileri aldygyna tutmaga başlady.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, maýda Daşoguz ýolundaky hususy taksiçileri hem saklamaga başladylar.

Mundan başga, ýol polisiýasy şäher arasyndaky ýollarda işleýän awtoulaglary hem saklaýar. Mysal üçin, Mary-Aşgabat awtomobil ýolunda içinde iki ýolagçydan köp adam bolan maşynlary barlamak üçin saklaýarlar. Eger-de sürüjiniň adamlary puluna alyp barýandygy anyklansa, oňa 300-den 500 manada çenli jerime salýarlar.

Ozallar taksiçiler dört ýolagçy alyp, olaryň hersinden ýol üçin 100 manatdan kireý alardylar. Indi maşynlara iki adamdan kän ýolagçy mündürmeýärler, emma ýol kireýi olara iki esse gymmat düşýär, ýagny ýolagçylar 200 manatdan tölemeli bolýarlar.

Maryly taksiçiler yzlaryna gaýdyşyn Aşgabadyň eteklerinde 50 kilogramlyk haltasy 200-220 manatdan satylýan undan ýüklenip, soň olary Marysda 250 manatdan satýarlar.

Ýatladýarys, prezident Berdimuhamedow maýda geçiren maslahatynda döwlet eýeçiligindäki taksileriniň “artykmaç gazanja kowalaşyp, paýtagtyň çäginden daşyna çykýandygyny” aýdyp, hökümet agazalaryndan nägile boldy. “Muňa ýol bermek bolmaz, sebäbi şäherdaşy we şäherara gatnawlary üçin ýörite awtomobiller bar” diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Mary-Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda kottejler toplumynyň I tapgyry açyldy
Ýurduň energiýa ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy pudagyň eksport mümkinçiligniň artdyrylmagyna gönükdirilendir
Prezidentiň ogly hususy telekeçiligiň iki senagat desgasyny açdy
Maryda, Daşoguzda we Lebapda benzin ýetmezçiligi dowam edýär
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi durzuldy
Uly Berdimuhamedowyň Mara sapary: Ýollar ýapyldy, ýetişen pagta hasyly zaýa edildi