Ýurduň energiýa ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy pudagyň eksport mümkinçiligniň artdyrylmagyna gönükdirilendir

Şu ýyl Mary döwlet elektrik bekedinde hersiniň kuwwatlylygy 263,5 MWt bolan gaz turbinalarynň ikisi işe giriziler.Bu ýerde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan garyşyk tapgyrly eklektrik bekediniň gurluşygy bellenilen möhletdäkiden öňe gidilip alnyp barylýar.

Onuň düzüminde gaz turbinalarynyň 4-si, galyndylary gaýtadan işleýän gazanlaryň 4-si, bug turbinalarynyň 2-si bar. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, täze energetika enjamy 2018-nji ýylyň dekabryna çenli işe giriziler.

Häzirki wagtda onuň birinji nobatdakysyny işe girizmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Energetikler Daşoguz döwlet elekterik bekedini we Derwezedäki gazturbinaly elekterik bekedini hem garyşyk tapgyra geçirmegi göz öňünde tutýarlar, çünki Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýan tehnologiýa elektrik energiýasy öndürilende tebigy gazy tygşytlamaga we daşky gurşawa zyýanly galyndylaryň zyňylmagyny azaltmaga mümkinçilik berer.

Mary döwlet elektrik bekedinde ýurtda iň iri energetika merkeziniň döredilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan 2013-2020-nji ýyllara Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň“ çäklerinde amala aşyrylýar.

Maksatnama amala aşyryp başlany bäri göz öňünde tutulan gaz turbinaly elektrik beketleriniň 14-sinden 6-sy ulanylmaga berildi.Pudagyň hünärmenlari 2020-nji ýyla çenli ýurtda umumy kuwwatlylygy 3854 MWt bolan täze energetika desgalaryny işi girizmegi göz öňünde tutýarlar. Şeýlelikde, 2020-nji ýylda Türkmenistanda çaklanylýan elektrik energiýasynyň öndürilişi 26 milliard 380 million kWt sagada ýetirilip, onuň daşary ýurtlara ugradylýan möçberi birnäçe esse artar.

Geçen ýyl Lebap welaýatynda kuwwatlylygy 254 MWt gaz turbinaly beket ulanylmaga berildi. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze kärhana bir gije-gündizde 6 million kWt elektrik energiýasyny öndürýär, bu bolsa Lebap welaýatynyň islegini kanagatlandyrmaga, onuň artykmajyny ýurduň energiýa ulgamyna bermäge, şeýle hem elektrik energiýasynyň Owganystan Yslam Respublikasyna iberilişini artdyrmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň elektrik energiýasy bilen üpjünligini gowulandyrmak we onuň eksportuny artdyrmak maksady bilen güýjenme kuwwaty 500 kw Atamyrat“ kiçi bekedi ulanylmaga berildi.Watan“ we Farap“ (220 kW) kiçi beketleriniň durky täzelendi.

Mary döwlet elektrik bekediniň açyk bölüji enjamyndan Atamyrat“ kiçi bekedine çenli 500 kW güýjenmeli asma elektrik geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy.Energetikler Atamyrat“ kiçi bekedinden Owganystan Yslam Respublikasy bilen serhede çenli 500 kW güýjenmeli şeýle elektrik geçiriji guruldy.

Mary döwlet elektrik bekedinde 500 kW güýjenmeli açyk bölüji enjamynyň durky täzelendi.

Şu ýylyň 9 aýynda ýurtda 18 milliard 360 million 611 müň kWt sagat elektrik energiýasy işlenilip taýýarlanyldy, bu bolsa meýilnamada bellenilendäkiden ýokarydyr (103,2 göterim). Ýylyň başyndan bäri elektrik energiýasynyň eksporty 2 milliard 870 million 835 müň kWt sagat boldy (118,4 göterim).

Energetikler ýokary woltly asma lektrik geçirijileriň we kiçi beketleriň gurluşygyny dowam etmegi öz öňünde tutýarlar. Ýakyn wagtda asma elektrik geçirijiler arkaly ýurduň energiýa merkezini birleşdirmek bellenilýär. Aşgabat-Balkanabat-Türkmenbaşy, Mary-Aşgabat, Lebap-Daşoguz, Aşgabat-Daşoguz, Türkmenbaşy-Daşoguz ugurlary öz içine alýan energiýa guşagy dörediler, bu bolsa ýurduň energiýa ulgamynyň işleýşini oňaýlaşdyrmaga ýardam eder.

Mundan başga-da, türkmen elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrmak maksady bilen güýjenme kuwwady 500-400kW Mary-Sarags-Maşat (Eýran) asma elektrik geçirijisini gurmak boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar, şeýle hem ýokary derejeli güýjenmeli Balkanabat-Gonbad (Eýran) asma elektrik geçirijisini gurmak meýilleşdirilýär.

Elektrik geçirijileriň gurulmagy Eýranyň energiýa ulgamynyň üsti bilen elektrik energiýasynyň Eýrana we Türkiýä iberilmegini üpjün eder.Häzirki wagtda elektrik energiýasyny Pakistan Yslam Respublikasyna ibermek maksady bilen TOPH gaz geçirijisiniň ugry boýunça ýokary derejeli güýjenmeli asma elektrik geçirijisi gurulýar.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň elektrik energetika pudagy döwrebaplaşdyrylýar
26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ýaponiýada dünýäniň iň uly suwüsti ýel turbinasy gurlar
Ýewropanyň iň uly energiýa saklaýyş desgasy işe girizildi
Braziliýada iri Gün bekedi gurlar
Dünýäniň iň uly tolkun elektrik bekedi gurlar
Nemes kompaniýasy Angliýada Gün energiýa bekedi gurar