10-njy oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanyna laýyklykda döwlet sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärlerine sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşan hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti, ýokary hünär ussatlygy bilen aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen, 2022-nji ýylyň dokuz aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amantäç Berdyhanowa Türkmenistanyň Gaýrat medaly bilen sylaglandy.
Degişli Perman esasynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň müdiri Kuwat Myrat Gaýypowa Türkmenistanyň halk lukmany diýen hormatly at; Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň baş lukmany Ilaman Aşyrowa hem-de Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň direktory Täzegül Niýazmuhammedowna Saryýewa bolsa Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäridiýen hormatly at dakyldy.
Şeýle-de şu raýatlar Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglandylar:
