Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda il-ýurt ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmek, öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan tutumly işler halkara derejede giňden ykrar edilýär. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bardyr.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, adamlaryň saglygyny dikeldip, ýurduň baýlygyny artdyrmakda, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş işlerini, olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň medallary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Gaýrat medaly bilen:

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amantäç Berdyhanowany;

Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hojalyk bölüminiň ikinji derejeli hünärmeni Swetlana Anatolýewna Şabalinany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara Ene mähri merkeziniň maslahat beriş, anyklaýyş we fizioterapiýa bölüminiň çaga lukmany Batyr Tirkişowiç Rahmanowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkeziniň baş şepagat uýasy Halbibi Rejepowna Jumaýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Gan merkeziniň şepagat uýasy Oguldursyn Matnepesowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň öýken-ýürek reanimasiýa bölüminiň müdiri Musa Jumageldiýewiç Aýtmämmedowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň endokrinologiýa bölüminiň gaýragoýulmasyz terapiýa kömegi boýunça terapewt lukmany Owlak Annamyradowna Nepesowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň şepagat uýasy Baýramsoltan Rejepowna Sädiýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň reanimatolog lukmany Güljemal Annamuhammedowna Gulmyradowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň hirurg lukmany Aleksandr Ýurýewiç Miroşniçenkony,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlagçysy Ogulgerek Amanmyradowna Weliýewany,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň hirurg lukmany Göwher Baýramowna Aşyrowany,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň trawmatologiýa we ortopediýa kafedrasynyň müdiri Niýazmyrat Nazarowiç Batyrowy,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň dosenti Roza Gylyjowna Atajanowany,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy Jumadurdy Amanowy,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet pediatriýasy kafedrasynyň assistenti Ýazgylyç Ýawany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany Hanmämmet Goçyýewi,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Awaza şypahanasynyň baş lukmany Berdimämmet Hanmämmedowiç Gurbanowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň anesteziologiýa we intensiw bejergi bölüminiň müdiri Meýlis Žumabaýewiç Babažanowy,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň anesteziolog-reanimatolog lukmany Mürze Haýdarowiç Hojakulyýewi;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

Türkmenistanyň halk lukmany diýen hormatly ady:

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň müdiri Kuwat Myrat Gaýypowa;

Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň baş lukmany Ilaman Aşyrowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň direktory Täzegül Niýazmuhammedowna Saryýewa.

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 10-njy oktýabry.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Prezident Berdimuhamedow Milli Geňeşiň täze öýüniň başlygy saýlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany