Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň täze başlygy saýlandy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 2023-nji ýylyň 12-nji iýulynda nobatdan daşary maslahaty geçirildi. Ýygnakda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” Birleşmäniň agzalary tarapyndan ýerini ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda Birleşme tarapyndan döredilen “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy” barada çykyş diňlendi.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibine Birleşmäniň Müdiriýetiniň düzümine üýtgetmeler girizmek we Birleşmäniň Müdiriýetiniň başlygyny saýlamak girizildi. Maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesine Atagulyýew Nökerguly Hojagulyýewiç saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy wezipesine saýlanyldy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine täze ýolbaşçy saýlandy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi
Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisi geçirildi