Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Türki Döwletleri Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Türki Döwletleri Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly (Stambul ş.) Owezgeldi Jumanazarow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi.Duşuşyk Türki Döwletleri Guramasynyň Sekretariatynyň binasynda geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türki Döwletleri Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Türki Döwletleri Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen yzygiderli gepleşikleriň we özara gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly TDG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
“Altyn asyryň” nobatdaky 7 golly ýeňşi
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: çärýek finalyň birinji duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar
Futbol, Türkmenistanyň kubogy - 2020: "Altyn asyr" bilen "Şagadam" ýeňiş gazandy
04.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda