Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynyň çärýek
finalynyň 1-nji oýunlary geçirildi. Kubogyň häzirki eýesi “Altyn asyr”
öz meýdançasynda “Energetikden” 70 üstün çykdy. Aragatnaşykçylara uly hasaply ýeňiş
gazandyran gollary Ahmet Ataýew (35), Mihail Titow (45+1, 80), Mekan Saparow (49), Zafar Babajanow (61), Begenç Akmämmedow (86) hem-de Akmyrat Jumanazarow (88, ö.d.) derwezä girizdi. Altyn asyr topary çempionatyň çäginde 20-nji tapgyrda-da 7 golly
ýeňiş gazanypdy.
“Ahal” bilen “Aşgabadyň” arasyndaky
oýunda hasap açylmady. Çempionatda-da özara duşuşan “Köpetdag” bilen “Merwiň” arasyndaky oýunda ýer eýeleri 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Köpetdaga” ýarym finala çykmak
ugrunda uly mümkinçilik getiren gollary Ýazgylyç
Gurbanow (11) bilen Batyrgylyç Berdiýew (86) derwezä girizdi. 6 goluň geçirilen “Şagadam”“Nebitçi”
duşuşygynda ýer eýeleri 4-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollaryň 5-siniň 2-nji
ýarymda geçirilen duşuşykda “Şagadamdan” Yhlas Magtymow (15, 66 p), Hemra Amanmämmedow (58) hem-de Musa Nurnazarow (74) tapawutlandy. “Nebitçini” jogap duşuşygy üçin
umytlandyran gollary bolsa, Alibek Abdyrahmanow (53) bilen Azat Garajaýew (83 p) geçirdi.
Çärýek
finalyň jogap oýunlary 6-7-nji noýabrda geçiriler.
