Türkmenistanyň täze parlamenti 6-njy aprelde işe girişer, Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanyň täze parlamenti 6-njy aprelde işe girişer, Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 6-njy aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçiriler.Milli parlamentiň täze saýlanan deputatlary tizden öz wezipelerine girişmelidirler diýip, Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belledi.

Döwlet Baştutany geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň uly ähmiýetini belläp, raýat jemgyýetiniň kanunçylyk binýadynyň döredilmeginiň saýlawlary giň bäsdeşlik esasynda geçirmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.Türkmenistanyň täze parlamenti barada onuň has ýaşarandygyny aýdyp bolar.

Saýlanan deputatlaryň, takmynan, 41 göterimi 40 ýaşa çenli ýaşlar. Şeýle hem Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň, takmynan, 26 göteriminiň zenanlardygyny bellemek gerek.

2. 4 6-njy aprel aralygynda Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler.Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä gatnaşmaga çagyrýar.

Serginiň iş wagty: 4 5-nji aprelde ýerli wagt bilen sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 6-njy aprelde sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.

3. Aşgabatdan Hazara ýolagçy awtobuslarynyň petekleri Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi saýtynda onlaýn satuwa çykaryldy. Täze ugur Aşgabadyň Halkara awtomenzilini we Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesini birikdirýär. Her petegiň bahasy 60 manat. Töleg Altyn Asyr bank kartlaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

4. 2023-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Türkmenistanda Arkadag gazeti neşir edilip başlanar. Degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Täze gazet hepdede bir gezek türkmen dilinde çap ediler.

5. RF-niň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebe baryp gördi. Igor Babuşkin mugallymlar we okuwçylar bilen söhbetdeş boldy, Aşgabatda ýerleşýän A.S.Puşkin adyndaky doganlyk mekdep bilen wideomaslahat geçirmek üçin gurluşy sowgat berdi. Astrahanyň gubernatory okuw işiniň guralyşyna ýokary baha berdi, şahyryň döredijilik mirasyny we türkmen medeniýetini aýap saklamagyň möhümdigini nygtady.

Dünýäde

6.Gazagystanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça GDA agza döwletleriň Döwletara toparynyň mejlisi geçirildi. Çäräniň gün tertibine ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegini bermegi guramak, ugurdaş edaralaryň arasynda maglumat alyşmak we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ýaly meseleler girizildi.

Duşuşykda Gazagystanyň wekilleri halkara hyzmatdaşlygy boýunça tejribelerini paýlaşdylar.Olar 2022-nji ýylda respublikada Ýewropa sebitinde ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegini bermek boýunça BSGG-nyň birinji görkezme meýdançasynyň açylandygyny aýtdylar.

7. Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banklary Türkiýäniň Antalýa şäheriniň howa menziline 140 million ýewro maýa goýýar.Maýa goýumlary Türkiýäniň syýahatçylyk paýtagtynyň howa menziliniň infrastrukturasyny döwrebaplaşdymaga, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga we ýaşyl başlangyçlary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.

Antalýa Halkara howa menzili şäher merkezinden 10 km gündogarda ýerleşýär.Ol ýurduň Ortaýer deňziniň kenarýakasynda ýerleşýän dynç alyş merkezlerine syýahatçylaryň barýan esasy ýeridir.Ol her ýylda, takmynan, 19 million ýolagçy kabul edýär.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdan daşary maslahatynda täze döredilen Arkadag futbol klubyny bu guramanyň düzümine goşmak çözgüdi kabul edildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň karary bilen, Arkadag FK her ýylky çempionatynyň ýaryşlaryna we ýurduň Kubogyna goşuldy.

9. Soçi futbol kluby myhmançylykda Moskwanyň Dinamosyndan üstün çykdy. Gurban Berdiýewiň şägirtleri Moskwadaky WTB Arenada dinamolylaryň derwezesine iki sany jogapsyz pökgi geçirmegi başardylar. Bu Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Soçiniň Russiýanyň Premýer-ligasyndaky ikinji ýeňşi öň SSKA-da şeýle hasap bilen ýeňilipdi.

10. Lewerkuzeniň Baýeri Bundesliganyň 26-njy tapgyrynda myhmançylykda Şalkeni uly ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna 3:0 hasabynda tamamlandy. Geçirilen gollaryň birine ikinji ýarymda meýdança çykan Serdar Azmun awtorlyk etdi. Azmun Bundesligada geçirilen 24 oýunda jemi dört gola we 2 gol pasyna eýelik edýär.

Ýene degişli makalalar

Astrahan sebitiniň gubernatory Funtowodaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebe baryp gördi
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
Astrahan sebitiniň gubernatory Türkmenistanyň prawoslaw ybadathanalaryna baryp gördi
7-nji aprelde welosipedli ýöriş sebäpli Aşgabatda ulaglaryň hereketi wagtlaýyn togtadylar, Türkmenistanyň Prezidenti Minnihanow we Babuşkin bilen duşuşdy, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda içerki transfer möwsümi açyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda Igor Babuşkine doglan güni mynasybetli milli lybas sowgat berildi