Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 55 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 55 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi

Erkin döredijilik mekanynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen Edebiýat we sungat gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden Tebigaty söýmek — Watany söýmek atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada gazetiň elektron neşirinde habar berildi.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 55 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bäsleşige ýurduň dürli künjeklerinde zähmet çekýän raýatlar, şol sanda talyp ýaşlar, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertine görä oňa gatnaşyjylaryň proza we poeziýa eserlerinde türkmen tebigatyny belent duýgularda wasp etmegi göz öňünde tutuldy.

Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda bäsleşikde poeziýa žanry boýunça baş baýraga Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Çerkez Esenow, 1-nji orna Akdepe etrabyndaky 91-nji orta mekdebiň mugallymy Aýyt Gurbanow, 2-nji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy Ýegendurdy Ýagmyrow, Etrek etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Dörtguly Tagandurdyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Kerimberdi Hakberdiýew, 3-nji orna bolsa žurnalist Süleýman Hangeldiýew, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Türkmen sährasy döredijilik toparynyň hünärmeni Akmyrat Rejebow, Bereket etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli başlangyç synp mugallymy Jänegül Gurbanowa dagy mynasyp boldular.

Şeýle-de bäsleşikde proza žanry boýunça baş baýraga ýazyjy Ahmet Halmyradow, 1-nji orna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri Goçy Annasähedow, 2-nji orna Kerki etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň mugallymy Ödegeldi Kulyýew, žurnalist Öwez Geldibaýew, 3-nji orna bolsa Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Haljemal Döwletowa, Dünýä edebiýaty žurnalynyň terjimeçisi Züleýha Gulowa, TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Kemal Sabirow dagy mynasyp boldular.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine dabarany guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Taekwondo boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryş geçirildi