Türkmenistanyň we Alžiriň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler, daşary ýurtlardaky milli jemgyýetçilik we Afrika işleri boýunça ministri Ahmed Attafyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça türkmen-alžir hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Iki döwletiň halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi.

Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem degip geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Alžirli Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan, Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Italiýa Duýgudaşlyk Bildirdi
Türkiýe, Kongo Demokratik Respublikasynda Guralan Hüjümi Ýazgardy
ABŞ-da Wirusa Ýoluganlaryň Sany 26 Million 166 Müň 423 Adama Ýetdi
Koronawirus Germaniýada 2 Million 179Müň Adamyň Hasaba Alynmagyna Sebäp Boldy