Daşary Işler Ministri Çawuşogly Italiýa Duýgudaşlyk Bildirdi

Daşary Işler Ministri Çawuşogly Italiýa Duýgudaşlyk Bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Kongo Demokratik Respublikasynda BMG-nyň ulag kerwenine guralan hüjümde Italiýanyň Kongo Demokratik Respublikasyndaky ilçi Attanasio bilen janpenasynyň ýogalmagyna uly gynanç bildirildi.

Daşary işler ministri Çawuşogly Twitterden beren habarnamasynda “Italiýanyň Kongo Demokratik Respublikasyndaky ilçi Attanasio bilen janpenasynyň hyýanatçylykly hüjümde ýogalmagyna uly gynanç bildirýärin. Dost ýurt Italiýanyň halkyna we hökümetine, hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.

Kongo Demokratik Respublikasynda düýn ýerli wagt bilen 10.00 töweregi BMG-nyň ulag kerwenine guralan hüjümde 2017-nji ýyldan bäri Italiýanyň Kongo Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetirýän 43 ýaşyndaky Attanasio bilen janpenasy ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Alžirli Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkiýe, Kongo Demokratik Respublikasynda Guralan Hüjümi Ýazgardy
ABŞ-da Wirusa Ýoluganlaryň Sany 26 Million 166 Müň 423 Adama Ýetdi
Koronawirus Germaniýada 2 Million 179Müň Adamyň Hasaba Alynmagyna Sebäp Boldy
Owgan generaly Dostumyň uçary Türkmenistanda gondy