Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Wena şäherinde Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksandr Şallenberg bilen duşuşyk geçirdi.Duşuşygyň netijeleri boýunça 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we Halkara işler boýunça federal ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamyndaky özara gatnaşyklary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, energetika, medeni alyş-çalyşlary ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebitara we ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow Wena şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Awstriýanyň Daşary gatnaşyklar boýunça Baş sekretary Nikolaus Marşik we Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň Baş sekretary Karlgaýns Kopf bilen hem duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 10-12-nji marty aralygynda Awstriýa iş saparyny amala aşyrýarlar.

Saparyň çäklerinde Awstriýanyň hökümetinde, degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda halkara guramalaryň ýolbaşçylary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Prezidentiň Orunbasary Ýylmaz, ÝB-niň Resmi Wekiliýetini Kabul Etdi
Maduro Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Daşary Işler Ministri Fidan Wenesuelada Saparda Boldy
Wenesuelanyň Prezidenti Maduro, Remezan Aýynyň Düşümli Bolmagyny Diledi
Maduro 3-nji Gezek Prezidentlige Dalaşgärlige Hödürlendi
Türkmenistanda Wenesuelanyň täze ilçisi işe başlady