Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ministrleri duşuşyk geçirdiler

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ministrleri duşuşyk geçirdiler

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Karimli bilen duşuşdy.

APA internet neşiriniň ýurduň Medeniýet ministrligine salgylanyp habar bermegine görä, 12-nji oktýabrda Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginiň binasynda Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilendigi barada mälim edildi.

Türkmen wekiliýetiniň 13-14-nji oktýabr aralygynda Türk dünýäsiniň medeni paýtagty — Şuşada geçirilýän Azerbaýjanyň Milli lideri Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanan 1-nji Türk Bütindünýä medeniýet forumyna gatnaşýandygyny bellemelidiris. Forumy Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, TÜRKSOÝ we Halkara Türk akademiýasy bilelikde guraýar.

Duşuşygyň dowamynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigi aýdylyp, şol bir wagtyň özünde, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary öz gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýandygy nygtaldy. Döwletara gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen özara medeniýet günleri guramagyň we bu ugurda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi
Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi
Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi
Türkmenistanyň medeniýet ministri azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy
Türkmenistandan Yraga gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekildi
Türkmenistandan Yraga gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekildi