Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant goşmaga gönükdirilen häzirki Bütindünýä hökümet sammitiniň ähmiýetini nygtady.

Diplomatlar Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň özara goldawa esaslanýan hyzmatdaşlygy aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Abu-Dabide 41-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty açyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady