Türkmenistanyň we Hytaýyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndylarynyň (U-23) arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň we Hytaýyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndylarynyň (U-23) arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U23) Aziýanyň Kubogy 2024-iň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Hytaýyň ýaşlar ýygyndysy (U23) topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Hytaýyň Dalýan şäherindäki stadionda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy 2:0 hasabynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Türkmen ýygyndysyna ýeňiş getiren toplary Meýlis Durdyýew (51-nji minut) bilen Nurmyrat Rozyýew (71-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Ahmet Agamyradowyň şägirtleri okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýene-de bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýygyndy toparyň tälimçiler düzüminiň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin milli ligalarda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini çagyrandyklaryny bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň K toparçasynda Indoneziýanyň hem-de Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy toparlary bilen duşuşar. K toparçanyň duşuşyklary 6 ― 12-nji sentýabr aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Indoneziýada geçiriler.

Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2024-nji ýylda Katar döwletinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň täze prokuroryny wezipesine belledi, Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistandaky saparyny Balkanabatdaky çykyşlary bilen tamamlarlar we beýleki habarlar
TÝL ― 2022: Altyn asyr Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Taýwany uly hasap bilen ýeňdi
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Türkmen alabaýy — merdanalygyň nusgasy atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi