Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy giňeldiler

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek babatda hyzmatdaşlygy giňeldiler

Nebitgaz pudagy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.Bu mesele Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri boldy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň işine ýokary baha berip, ony Türkmenistanyň energetika pudagyndaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagynda uzak möhletleýin iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylandygyny aýtdy.

Olaryň esasynda Petronas kompaniýasynyň gatnaşmagynda ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, şeýle hem Hazaryň geljegi uly nebitgaz toplumlarynda gözleg işlerini geçirmek boýunça giň gerimli işler başlanar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Malaýziýa ykdysadyýetde, logistika we ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
Malaýziýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy